Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edildi

0
3586
Salgysy:
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.
Telefon belgiňiz:
39-46-32, 39-46-38, 39-46-39.
Web adres:
e.fineconomic.gov.tm
Soňky täzelenme:

1. LOT ¹ 2.
Gullukda elektron sanly gol ulgamyny ornaşdyrmak üçin enjamlary we programma üpjünçiligini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy.

2. LOT ¹ 63.
Türkmenbaşy şäherindäki 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasynyň daşky suw geçirijisiniň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

3. LOT ¹ 64
Türkmenbaşy şäherindäki 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasynyň daşky gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

4. LOT ¹ 65.
Kiberhowpsuzlygyň talaplaryna laýyklykda institutyň işini sanly ulgama geçirmek we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem internet toruny kämilleşdirmek boýunça degişli enjamlary gurnamak.
Buýrujy: Türkmenistanyň Hazar deňzi instituty.

5. LOT ¹ 66.
Institutyň işini sanly ulgama geçirmek hem-de maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça gerekli enjamlary we ygtyýarnamaly programmalary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Hazar deňzi instituty.

6. LOT ¹ 74.
Gullugyň serhet birikmeleriniň we bölümleriniň binalarynda möwsümleýin bejergi işlerini geçirmek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

7. LOT ¹ 206.
Ýokary kazyýetiň edara binasynyň bug gazanlary, sowadyjy hem-de howalandyryjy ulgamlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti.

8. LOT ¹ 253.
Welaýatyň çäginde hereket howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýol belgilerini satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

9. LOT ¹ 266.
Ministrligiň merkezi edara binasynyň sowadyjy ulgamynyň hatardan çykan çillerlerine hyzmat etmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.

10. LOT ¹ 283.
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi üçin ýumşak esbaplary hem-de egin-eşikleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.

11. LOT ¹ 329.
Ministrlige gerek bolan harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

12. LOT ¹ 349.
Ministrligiň edaralaryna gerek bolan printer enjamlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

13. LOT ¹ 350.
Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndaky «Ymamnazar» serhetýaka gümrük geçelgesiniň ýanynda “Gury port” desgalar toplumyny gurmak üçin harytlary we enjamlary satyn almak
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy.

14. LOT ¹ 361.
Balkanabat şäheriniň Ýaşaýyş jaýlary ulanyş trestiniň hasabynda duran «Gurluşykçy» massiwiniň 1, 1«A», 2, 3 we 5-nji ýaşaýyş jaýlarynyň üçeklerini düýpli abatlamak üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

15. LOT ¹ 366.
Ministrligiň zerurlygy üçin dekoratiw yşyklandyryjy sütünleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

16. LOT ¹ 371.
Ministrligiň ýanyndaky harby bölümiň ýyladyşhanasynyň bug gazanynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

17. LOT ¹ 387.
Türkmenabat şäheriniň Görogly beg Türkmen, Mollanepes, Jambul, A.Nowaýy we Aşgabat köçeleriniň daşky yşyklandyryş ulgamlarynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

18. LOT ¹ 388.
Türkmenabat şäheriniň Zelili, Altyn asyr, Gurbansoltan eje adyndaky köçeleriniň daşky yşyklandyryş ulgamlarynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

19. LOT ¹ 390.
Mary etrabynyň Jemgyýet geňeşliginiň çäginde gurulýan täze, döwrebap şäherçäniň arassa agyz suw ulgamynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

20. LOT ¹ 392.
Mary etrabynyň Jemgyýet geňeşliginiň çäginde gurulýan täze, döwrebap şäherçäniň içki abadanlaşdyryş we gum-gazuw, tekizlemek işleri hem-de şäherçäniň ýaşaýjylarynyň mellek ýerlerini suwarmak mümkinçiligini döretmek üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

21. LOT ¹ 393.
Ýolöten etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň suw geçiriji ulgamlaryny täzeden çekmek üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

22. LOT ¹ 394.
Garagum etrabynyň «Tarp ýer» daýhan birleşiginiň Ezer obasynyň eltiji we içki suw geçirijisini täzeden gurmak üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

23. LOT ¹ 396.
Türkmenabat şäheriniň S.Nyýazow köçesiniň daşky yşyklandyryş ulgamynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

24. LOT ¹ 398.
Türkmenabat şäheriniň Abdyrahmanow, Ärsarybaba, Ata Salyhow köçeleriniň yşyklandyryş ulgamynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

25. LOT ¹ 400.
Gullugyň harby bölümleriniň sowadyjy enjamlarynda abatlaýyş işlerini geçirmek üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

26. LOT ¹ 401.
Gullugyň harby bölümleriniň sowadyjy enjamlaryna hyzmat etmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

27. LOT ¹ 405.
Gullugyň çägindäki serhet birikmeleriniň agyz suw üpjünçiliginiň hem-de serhet galasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

28. LOT ¹ 407.
Welaýatyň Jemagat hojalygy birleşigi üçin etrap-şäherleriň köçelerinde ýol çyzgylaryny çyzmak, ýol geçelgelerini bellik etmek üçin boýagy we goşmaça serişdeleri satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

29. LOT ¹ 408.
Welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň garamagyndaky Jemagat hojalygy müdirlikleriniň hasabynda duran awtoulaglar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

30. LOT ¹ 409.
Gümrük gullugy üçin demirden ýasalan plombalary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy.

31. LOT ¹ 410.
Mary welaýatynyň Serhetabat şäherindäki kuwwatlylygy bir gije-gündizde 20 000 kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

32. LOT ¹ 411.
Gullugyň edaralarynda maglumat ekranlaryny (infokiosk) ornaşdyrmak üçin enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy.

33. LOT ¹ 413.
Hojambaz etrabynyň Gyzylgum geňeşliginiň yşyklandyryş ulgamy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

34. LOT ¹ 414.
Çärjew etrabynyň Kiştiwan geňeşliginiň yşyklandyryş ulgamy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

Bäsleşik 2023-nji ýylyň 14-nji awgustynda geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan hem-de ýüztutmalar esasynda alyp bilersiňiz.

Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy — Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi. 

Maglumatlar e.fineconomic.gov.tm internet sahypasynda hem ýerleşdirildi. 

Telefon belgileri: 39-46-32, 39-46-38, 39-46-39.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler