Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň goşmaçy binalary gurlar

0
657
Salgysy:
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy
Telefon belgiňiz:
44-46-64, 44-46-77.
Soňky täzelenme:

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde 2000 orunlyk täze goşmaça okuw binalaryny we 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýlaryny hem-de institutyň golaýyndan geçýän aýlawly ýolda oturdyljak monumenti gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. 

Haýyşnamalar Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda 2023-nji ýylyň 4-nji awgustyna çenli kabul edilýär. 
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler