UX/UI Dizaýner

0
5097
Pocta:
vacancy@turkmenportal.com

Biz IT önümçiligini işläp düzmek bilen meşgullanýarys, şonuň netijesinde hem müşderilerimiz top-reýtinge düşüp, özlerine köpsanly ulanyjylary gazanýarlar.

Biziň inženerler we dizaýnerler toparymyz ýokary hilli web we ykjam goşundylary işläp düzýär. Biziň ähmiýet berýän zatlarymyz: sowatly taýýarlanan arhitektura, gowy kod, döwrebap dizaýn, düşnükli UX.

Eger sen ökde UX/UI dizaýner bolsaň, onda öz rezýumeňi ugrat!

Nähili wezipäni ýerine ýetirmeli:

  • UX/UI nukdaýnazardan web/mobile (iOS, Android) interfeýsleri döretmek;
  • Prezentasiýalaryň dizaýnyny işläp düzmek;
  • Internetde ulanmak üçin maketleri taýýarlamak (sosial aragatnaşyklaryň bezegi we ş.m);
  • Infografika döretmek.

Biziň talaplarymyz:

  • Figma ýa-da Adobe XD programmalarynda ynamly işläp bilmek;
  • UI elementleriniň prototiplerini, animasiýalaryny gurup bilmek tejribesi;
  • Portfolioda söwda maksatly taslamalarynyň bolmagy.

Mundan başga-da, dalaşgärleri işe almakda aşakdakylar goşmaça aýratynlyk bolup biler:

  • Adobe Photoshop, CorelDraw, Illustrator, InDesign ýöriteleşdirilen programmalaryna erk edip bilmek;
  • Degişli ugurda iş tejribesiniň bolmagy;
  • Anketanyň talaplaryndaky punktlara doly laýyk gelmek.

Iş şertleri:

  • Synag möhleti - 1 aý;
  • Amatly iş tertibi, erkin geýimde işlemek;
  • Iş wagty: 9:00-dan 18:00-a çenli ýa-da 10:00-dan - 19:00-a çenli;
  • Doly iş;
  • Ýerli hasapda durmak zerurlygy ýok, ýöne Aşgabatda işlemeli;
  • Iň pes bellenen aýlyk haky 3000 manat;
  • Aýlyk hakynyň möçberi söhbetdeşlik wagtynda kesgitlenýär;
  • Aýlyk hakynyň gijikdirilmän berilmegi;
  • Sowatlylygyňy we başarnyklaryňy ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bolmagy;
  • Çäklendirilmedik kofe, çaý, şeýle hem wideo oýunlary oýnamak üçin şerti we başarnykly garşydaşlary özünde jemleýän döwrebap we rahat open space ofisi;
  • Netijeli işlemäge ýardam berýän dostlukly we mylaýym atmosfera;
  • Işini we kompaniýasyny gowy görýän kärdeşler bilen gurşalan iş durmuşy. Biz diňe bir bilelikde işlemän, bilelikde dynç hem alýarys. Pyýada gezelençlere gidýäris, welosiped sürýäris, futbol oýnamagy halaýarys we ş.m. gyzyklanmalar bilen meşgullanýarys. Bu ýerde hemişe özüňize ýakyn kärdeşleri taparsyňyz.

Hökmany bellemeli zat!

  1. Rezýumeňizi isleg bildirýän wezipäňiziň ady bilen vacancy@turkmenportal.com elektron salgysyna ugradyň;
  2. Öz taýýarlan taslamalaryňyza salgylanyp, hünär işiňiz barada goşmaça hat taýýarlap hem rezýumeňiziň ýany bilen ugradyň (Portfolio);
  3. Portfoliosyz rezýume göz öňüne tutulmaýar;
  4. Bu wezipede bize nähili ýardam edip biljekdigiňizi beýan ediň;
  5. Görkezilýän talaplara laýyk gelmeýän bolsaňyz, boş iş orny üçin ýüz tutmazlygy Sizden haýyş edýäris.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler