Soňky habarlar
Arhiw
Aşgabat şäher häkimligi suw geçiriji ulgamy gurmak üçin potratçyny saýlap-seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär
Aşgabat şäher häkimligi Gämi şäherçesiniň demirgazyk tarapynda ýerleşýän suw arassalaýjy desgadan şäheriň 11-nji kiçi etrapçasynyň günorta-gündogarynda ýerleşýän «Gündogar» ätiýaçlyk suw howuzlar toplumyna çenli suw geçiriji ulgamy gurmak üçin potratçyny saýlap-seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär.
Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýüztutmalary 2021-nji ýylyň 17-nji noýabryna çenli kabul edilýär. Töleg hasaplaşygy işler ýerine ýetirilenden soň geçiriler.
Bäsleşik şu ýylyň 24-nji noýabrynda geçirilýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary şäher häkimliginden alyp bilersiňiz.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 17-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 92-56-24.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň