Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi binalarda işleri geçirmek üçin potratçyny seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär

0
5008
Salgysy:
г. Ашхабад, Битарап Туркменистан шаёлы, д.461.
Telefon belgiňiz:
44-00-08, 44-00-39.
Soňky täzelenme:

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň, Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň binalarynda düýpli abatlaýyş we ýanaşyk ýerleriniň durkuny täzelemek işlerini geçirmek üçin potratçyny seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlere bildirilýän talaplar:

— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;

— edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;

— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;

— häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2021-nji ýylyň 25-nji iýunyna çenli, her gün sagat 9:00-dan 18:00 aralykda kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 461-nji jaýy. Düýpli gurluşyk bölümi.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-00-08, 44-00-39.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler