Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi harytlary satyn almak boýunça öň yglan edilen bäsleşigiň möhletini uzaldýar

0
1378
Salgysy:
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.
Telefon belgiňiz:
40-04-79.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça öň yglan edilen bäsleşigiň möhletini uzaldýar.

Lot ¹ 7 — Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşliginiň täze Saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Lot ¹ 8 — Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň täze Saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Lot ¹ 9 — Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň täze Saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Lot ¹ 10 — Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň täze Saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Lot ¹ 11 — Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap hassahanasy üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Lot ¹ 15 — Saglygy goraýyş, anyklaýyş merkezi üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, resminamalar toplumyny almaly. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň goýulan gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 20-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 40-04-79.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler