“Aşgabat bahary” kinofestiwaly

Telefon belgisi:(+993 12) 49–37–01; (+993 12) 49-37-02.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy şeýle hem Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna bagyşlap ýurdumyzyň çäginde “Aşgabat bahary” atly gysga göwrümli çeper filmleriň kinofestiwalyny geçirýär.

Kinofestiwala ýurdumyzyň çäginde hereket edýän döredijilik toparlary gatnaşyp bilerler. Döredilen filmler 2021-nji ýylyň 15-nji maýyna çenli kabul edilip, “Aşgabat bahary” atly kinofestiwalyň ýeňijileri 23-nji maýda şu ugurlar boýunça kesgitleniler:
- Baş baýrak
- Eminler toparynyň baýragy
- Iň gowy kinorežissýor
- Iň gowy kinossenariýa eseri
- Iň gowy kinooperatoryň işi
- Iň gowy şekil döreden erkek keşbi
- Iň gowy şekil döreden zenan keşbi
- Tomaşaçylar tarapyndan saýlanan film.
Goşmaça habarlaşmak üçin: (+993 12) 49 37 01; (+993 12) 49 37 02.
Başga-da bu temada

Konsertler
|22.11.2025
2091
Türkmenistan kinokonsert merekeziniň afişasy

Konsertler
|01.11.2025
9181
«Mekdebe öwrülen ömür» atly Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almamedowyň we onuň şägirtleriniň sergisi

Çagalara
|31.05.2025
26180
Çagalary goramaklygyn güni mynasybetli @nur_art_school ähliñizi art baýramçylygyna çagyrýar!

Konsertler
|23.05.2025
22118
