Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky 2020-nji ýyl boýunça halkara standartlaryna laýyklykda düzülen maliýe hasabatlarynyň halkara auditini geçirmek boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär.
Bäsleşige gatnaşmaga degişli ygtyýarnamasy bolan dünýäniň ösen ýurtlarynda hasaba alnan öňdebaryjy we tejribeli kompaniýalary çagyrylýar.
Bäsleşigiň resminamalaryny şu salgydan alyp bilersiňiz: 744000, Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 143-nji jaý. Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň edara binasy.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler öz bäsleşik tekliplerini ýapyk bukjada, şu bildirişiň çap edilen gününden başlap, 30 iş gününiň dowamynda tabşyrmaly.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+99312) 21-04-52, 21-04-63, (faks) 21-04-43.
Başga-da bu temada

Döwlet
|11.02.2024
67117
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär

Döwlet
|11.02.2024
64373
Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

Döwlet
|29.01.2024
40907
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Döwlet
|26.01.2024
36932
