Soňky habarlar

Arhiw

TÜRKMEN SENAGAT

0
40197
Salgysy:
744000,Туркменистан, Ахалский велаят,Ак Бугдай этрап, промышленная зона участок 172.
Telefon belgiňiz:
(+993 63) 71 36 26
Web adres:
info@turkmensenagat.com
Soňky täzelenme:

“Türkmen Senagat” Hojalyk jemgyýetiniň plastik turba zawody – Türkmenistan boýunça plastik turba önümçiligi boýunça iň iri kärhanalardan biridir.

“Türkmen Senagat” kompaniýasynyň esasy ugry, iň döwrebap dünýä belli belli nemes enjamy KraussMaffei guralynda ýasalan ýokary hilli PBP Turbalarynyň, şeýle-de olar üçin mümkin bolan dürli görnüşdäki şaýlaryň daşarky we içerki inženerlik torlarynyň gurluşygy üçin üpjün edilmegi bolup durýar.

Siziň öz meýdançaňyza degişli suw geçiriji, ýerlagym ýa-da gaz geçiriji taýýarlaýandygyňyza ýa-da şäheriň bütin bir bölegine aragatnaşyk gurnaýandygyňyza garamazdan biz Size gerek bolan iň ýokary hilli materiallary amatly bahadan we Siz üçin gerekli bolan möhletlerde üpjün edip bileris!

Biz şulary öndürýäris:

PE we PP gasynly turbalar:

—Ýerlagym suw geçirijileriniň gurnalmagy üçin

—Tok sim torlarynyň ýerleşdirilmegi üçin

Tekiz PBP (Pes Basyşly Polietilen) turbalar (suw we gaz geçiriji turbalar)

—Daşarky suw geçiriji turbalar

—Daşarky gaz geçiriji turbalar

Biziň artykmaçlyklarymyz:

—Diametri 110-630 mm aralygynda bolan islendik turbanyň öndürilmegi;

—Günorta Koreýa kompaniýasy Hýundai Engineering tarapyndan öndürilen ýokary hilli PE ulanylmak bilen taýýarlanylýan önümler;

—Biziň hödürleýän önümlerimiz alyjylara aýratyn ýokary hilli önüm üpjün etmek bilen bazarda ýokary abraýa eýe boldy, olaryň gurnalmagy we ondan soňky ulanylmagy üçin örän az çykdajy edilýär, olar howpsuz we işde amatly;

—Önümleriň görnüşleriniň hemişe köpelmegi;

—Maýyşgak baha syýasaty;

—Plastik turbalaryň önümçiligi kärhana we döwlet tarapyndan bellenen kada we standartlar bilen laýyklykda ýerine ýetirilýär;

—Plastik turbalaryň önümçiligi kärhana we döwlet tarapyndan bellenen kada we standartlar bilen laýyklykda ýerine ýetirilýär;

—Müşderilere tehniki we maslahatçylyk goldawy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler