Turkmenportal logo
17.09.20
107078107078
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2020-nji ýylyň 19-20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler
2020-nji ýylyň 19-20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler
Salgysy:г. Ашхабад, Чандыбил шаёлы, 143.
Telefon belgisi:39-88-70, 39-88-81/82/83/84/85/86.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde 2020-nji ýylyň 19-20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurt Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergini we «Sanly ykdysadyýet — ykdysady ösüşiň möhüm ugry» atly ylmy-amaly maslahaty geçirýär.


Guraýjy topar Türkmenistanyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, şeýle hem
daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.


Serginiň iş wagty:


19-njy sentýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;


20-nji sentýabrda sagat 10:00-dan 17:00-a çenli.


Sergi Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda — Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.


Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-88-70, 39-88-81/82/83/84/85/86.

Başga-da bu temada