Yssy howa bedenimize nähili täsir edýär we ýokary temperaturanyň organizme ýaramaz täsirinden nädip goranmaly

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy 2020/2021-nji okuw ýyly üçin taýýarlygyň aşakdaky ugurlary boýunça tölegli esasda okuwa kabul edýändigini yglan edýär:
1. Döwlete degişli bolmadyk edaralaryň hünärmenlerini gaýtadan taýýarlamak aşakdaky hünär boýunça:
2. Magistrleri taýýarlamak aşakdaky ugurlar boýunça:
Okuwa ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolanlar giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 6 — 19-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
Bulardan başga-da, dalaşgärler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
Dalaşgär okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Akademiýanyň resminamalary kabul edýän iş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 24 — 29-njy iýuly aralygynda geçirilýär.
Gaýtadan taýýarlamak ugry boýunça giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
Magistrleri taýýarlamak ugry boýunça giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda döwlet dilinde geçirilýär.
Bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaga goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
Salgysy: Aşgabat şäheriniň (1987) Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112.
Telefon belgileri: 49-84-72, 49-88-46.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň