Soňky habarlar

Arhiw

Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebine 2020-2021-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän 2007-nji ýylda doglanlar çagyrylýar

0
65822
Salgysy:
г. Ашхабад, ул. Ата Тюрка, 21.
Telefon belgiňiz:
21-26-40.
Soňky täzelenme:

Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebine 2020-2021-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän 2007-nji ýylda doglan 7-nji synpy tamamlaýan (2013-nji ýylda 6 ýaşdan 1-nji synpa okuwa kabul edilen) okuwçylaryň tabşyrmaly resminamalarynyň sanawy

1. Bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

2. Maglumat, üç arkasy barada maglumat (elektron görnüşde aýratyn tabşyrmaly);

3. Dogluş hakynda şahadatnamanyň göçürmesi (3 sany nusga);

4. Ata-enesiniň ýa-da onuň ornuny tutýan raýatyň pasportynyň göçürmesi;

5. Ýaşaýan ýerinden kepilnama (Forma № 3);

6. Okaýan mekdebinden ýetişigi barada şahsy jiltiniň göçürmesi we göçürmäniň dogrudygy barada mekdep direktorynyň goly bilen möhri basylan bolmaly, şol synpda okaýandygy barada kepilnama we häsiýetnama;

7. Saglygy barada kepilnama - forma 026 görnüşinde;

8. Saglygy barada kepilnama - forma 063 görnüşinde:

9. Döş kapasasynyň rentgenoskopiýasy we lukmanyň netijesi;

10. Ganyň topary we rezus-faktory;

11. Ganyň we peşewiň umumy barlagynyň netijesi;

12. EKG barlagy we barlagyň netijesi.

13. Inçe kesel, psih we deri dispanserlerinden kepilnama;

14. EFIOKG barlagy (ýürek);

15. Türgenleşýän sport görnüşinden sport derejesi baradaky hasap kitapçasy;

16. Çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň hödürnamasy;

17. 9 sany 3x4 ölçeginde surat.

Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebine sportuň agyr atletika, woleýbol, basketbol, boks, dzýudo we sambo göreşleri, erkin we grek-rim göreşleri, guşakly göreş, hokkeý, figuralaýyn typmak, suwda ýüzmek, tigir sporty, tennis hem-de stol tennisi görnüşleri boýunça ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden okuwçylar kabul edilýär.

Okuwa girmäge isleg bildiren okuwçylaryň resminamalary 2020- nji ýylyň 1 – 20-nji iýuly aralygynda ýokarda görkezilen sportuň görnüşleri boýunça Aşgabat şäherinde – Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde kabul edilýär. Okuwçylaryň medisina barlagy, synag esasynda saýlap-seçip almak bäsleşigi, 2020-nji ýylyň 22 – 27- nji iýuly aralygynda geçirilýär.

SALGYSY: Aşgabat şäheri, Ata-türk köçesi, jaý 21. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 21-26-40.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler