Soňky habarlar
Arhiw
"Paýhas Açary" Terjime merkezi
0
8236
“PAÝHAS AÇARY” kompaniýasy Türkmenistanda terjime we kätip hyzmatlary çygrynda köp ýyllardan bäri işleýär. Geçen ýyllaryň dowamynda biziň terjimeçilerimiz tarapyndan dürli çylşyrymlylykdaky we mowzukdaky müňlerçe tektsler terjime edildi. Biziň müşderilerimiziň arasynda uly we kiçi kompaniýalar, şonuň ýaly-da ady dünýä belli iri korporasiýalar hem bar. Siziň daşary ýurtly hyzmatdaşlaryňyz bilen umumy dil tapmaklyga, işewürlik resminamalary boýunça meseleleriňizi çözmeklige kömek etjek terjime hyzmatlaryny hödürlemeklige taýýar. Bize meşhur täjirçilik kärhanalary, döwlet we jemgyýetçilik guramalary ynam bildirýärler. Biziň terjime merkezimizde ýerine ýetirilen işler, bildirilýän ýokary talaplara laýyk gelýär.
Terjime merkezimiz ýazmaça terjime hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini, şol sanda tehniki, lukmançylyk, hukuk, maliýe terjimeleri hem ýerine ýetirýär.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler