Turkmenportal logo
15.03.20
3756537565
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçiriler
«Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçiriler
Telefon belgisi:(+99312) 98-12-12 / 98-13-13

Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan, täzeçe pikirlenmeleri öz içine alýan, ýurdumyzyň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçiligi bolan programma üpjünçilikleri işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar bilen meşgullanýan fiziki we ýuridiki şahslary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan bäsleşik yglan edilýär.


Bäsleşigiň ugurlary:


— saglygy goraýyş;
— ylym we bilim;
— senagat;
— ulag we kommunikasiýa;
— hyzmatlar ulgamy;
— orta we kiçi telekeçilik;
— «akylly» şäher.


Bäsleşige ýurdumyzyň ähli fiziki we ýuridiki şahslary özleriniň taýýar programma üpjünçilikleri we innowasion oýlap tapmalary bilen gatnaşyp bilerler.


Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipleri bermegiň ahyrky möhleti  2020-nji ýylyň 1-nji oktýabry.


Bäsleşigiň jemleri «Türkmentel — 2020» atly halkara serginiň geçirilýän günleri jemlener.


Bäsleşige gatnaşmagyň tertibi we talaplary baradaky maglumatlary telecom.tm internet saýtyndan alyp bilersiňiz.


Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 98-12-12 / 98-13-13.

Başga-da bu temada