Turkmenportal logo
15.03.20
8259682596
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň önümleriniň sergisi geçiriler
Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň önümleriniň sergisi geçiriler
Salgysy:г.Ашхабад, Чандыбил шаёлы, 143.
Telefon belgisi:21-23-64, 21-23-75/76

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2020-nji ýylyň 17-18-nji martynda birleşmäniň döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň önümleriniň sergisini geçirýär.


Guraýjy topar Türkmenistanyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.


Serginiň iş wagtlary:


17-nji martda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;


18-nji martda sagat 10:00-dan  17:00-a çenli.


Sergi Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.


Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 21-23-64, 21-23-75/76.

Başga-da bu temada