Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi halkara bäsleşigi yglan edýär

0
18197
Salgysy:
г. Ашхабад, Арчабил шаёлы, д.132.
Telefon belgiňiz:
39-00-19/17/21
Soňky täzelenme:

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň çäginde ýyllyk kuwwatlylygy 150 000 tonna sozulan armaturany öndürýän goşmaça önümçiligi gurnamak boýunça halkara bäsleşigi yglan edýär.

Ähli gyzyklanma bildiren taraplar ministrlige aşakdaky salgy boýunça ýüz tutup bilerler: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 132-nji jaý.

 — bäsleşige gatnaşmak üçin töleg 500 amerikan dollary (bu töleg yzyna gaýtarylmaga degişli däl);

 — bäsleşige hödürlenen teklipler 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär;

 — ýokarda görkezilen möhletden giç tabşyrylan teklipler kabul edilmeýär;

 — hödürlenen tekliplere bäsleşige gatnaşmak üçin töleg tölenenden soňra seredilýär;

 — bäsleşik resminamalary iki bukjada kabul edilýär: birinjide — täjirçilik teklibi, ikinjide — tehniki teklip we beýleki zerur bolan resminamalar.

Goşmaça maglumatlary almak üçin şu telefon belgileri boýunça habarlaşyp bilersiňiz: 39-00-33/17/21.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler