Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi halkara bäsleşigi yglan edýär

0
14327
Salgysy:
г. Ашхабад, Арчабил шаёлы, д.132.
Telefon belgiňiz:
39-00-19/17/21
Soňky täzelenme:

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän goşmaça önümhanany gurmak boýunça halkara bäsleşigi yglan edýär.

Ähli gyzyklanma bildiren taraplar ministrlige aşakdaky salgy boýunça ýüz tutup bilerler: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 132-nji jaý.

 — bäsleşige gatnaşmak üçin töleg 500 amerikan dollary (bu töleg yzyna gaýtarylmaga degişli däl);

 — bäsleşige hödürlenen teklipler 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär;

 — ýokarda görkezilen möhletden giç tabşyrylan teklipler kabul edilmeýär;

 — hödürlenen tekliplere bäsleşige gatnaşmak üçin töleg tölenenden soňra seredilýär;

 — bäsleşik resminamalary iki bukjada kabul edilýär: birinjide — täjirçilik teklibi, ikinjide — tehniki teklip we beýleki zerur bolan resminamalar.

Goşmaça maglumatlary almak üçin şu telefon belgileri boýunça habarlaşyp bilersiňiz: 39-00-33/17/21.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler