Arhiw

Türkmenistanda amerikan filmleriniň görkezilişi geçiriler

0
16221
Telefon belgiňiz:
47-35-03
Soňky täzelenme:

Aşgabat, 2019-nji ýylyň 27-nji ýanwary – 2-nji fewralda ABŞ-nyň Ilçihanasy her ýyl geçirýän gyşky filmler görkezilişini başlap, tomaşaçylara üç sazly amerikan film görkezer. “Rapunsel: kelebiň ujy ýitirilen waka”, “La-la Lend” we “Aladdin” filmleriniň görkezilişi Aşgabat, Balkanabat, Daşoguz, Mary, Türkmenbaşy we Türkmenabat şäherleriniň kinoteatrlarynda ýer alar. ABŞ-nyň Ilçihanasynyň wekilleri filmleri tanyşdyryp, tomaşaçylary görkezilişlerden öň we soň garşy alarlar.

“Rapunsel: kelebiň ujy ýitirilen waka” nemes “Rapunsel” hekaýasyny döwrebap sekilde gaýtadan aýtýar. Film “Grämmi” baýragyna eýe boldy we iň gowy aýdym üçin “Oskar” baýragyna teklip edildi. 2019-njy ýylyň iň meşhur filmi bolan “Aladin” bir milliard dollardan gowrak girdeji gazandy; filmde bütindünýa meşhur Wil Smit ýer alýar. Los-Anjelese we film industriýasyna bir söýgi haty bolan “La-la Lend”, teklip edilen 14 “Oskar” baýragyndan 6-ny gazandy.

Gyşky filmler görkezilişi 2-16 fewralyň aralagynda aşakdaky tertip boýunça geçer. Filmler rus dilinde iňlis subtitrler bilen görkezilerler.  Görkezişler tölegsiz we hemmeler üçin açyk. Petek almak ýa-da öňünden sargyt etmek zerur däl; giriş zallaryň sygymyna bagly bolar.

Aşgabat – “Aşgabat” kinoteatry
2020-nji ýylyň 2-nji fewraly

11:00 “Rapunsel: kelebiň ujy ýitirilen waka” – multfilm
15:00 “Aladdin” – çeper film
18:30 “La-la Lend” – çeper film

Türkmenabat – Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry
2020-nji ýylyň 8-nji fewraly

11:00 “Rapunsel: kelebiň ujy ýitirilen waka” – multfilm
15:00 “Aladdin” – çeper film
19:00 “La-la Lend” – çeper film

Mary – Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry
2020-nji ýylyň 9-njy fewraly

13:30 “Rapunsel: kelebiň ujy ýitirilen waka” – multfilm
15:30 “Aladdin” – çeper film
19:00 “La-la Lend” – çeper film

Daşoguz – Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry
2020-nji ýylyň 8-nji fewraly

15:00 “Aladdin” – çeper film
19:00 “La-la Lend” – çeper film
2020-nji ýylyň 9-njy fewraly
11:00 “Rapunsel: kelebiň ujy ýitirilen waka” – multfilm

Balkanabat – Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry
2020-nji ýylyň 14-nji fewraly

19:00 “La-la Lend” – çeper film
2020-nji ýylyň 15-nji fewraly
11:00 “Rapunsel: kelebiň ujy ýitirilen waka” – multfilm
14:00 “Aladdin” – çeper film

Türkmenbaşy – Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Medeni-sport toplumy
2020-nji ýylyň 16-njy fewraly

11:00 “Rapunsel: kelebiň ujy ýitirilen waka” – multfilm
15:00 “Aladdin” – çeper film
19:00 “La-la Lend” – çeper film

Doly maglumat üçin ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine 47-35-06 (goşmaça 1) telefon ýa-da AmericanCenterAshgabat@state.gov elektron salgysy boýunça ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler