Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky geçirilýän halkara teatr festiwalynyň meýilnamasy

0
1874

20-nji noýabrda badalga beriljek we 24-nji noýabra çenli dowam etjek «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalynda görkeziljek spektakllary wagty belli boldy. Aşgabadyň teatrlarynda spektakllar şu tertipde görkeziler.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda 
20-nji noýabrda «Döwlet guşy», türkmen sahna oýny, 10:00-da, «Padarkuş», özbek sahna oýny, 17:00-da. 
23-nji noýabrda «Domrul», türkmen sahna oýny, 10:00-da. 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda 
19-njy noýabrda «Paýasy», türkmen-italýan bilelikdäki operasy, 19:00-da. 
20-nji noýabrda «Söýgi kitaby», pakistan sahna oýny, 11:00-da, «Žibek», gazak sahna oýny, 19:00-da. 
21-nji noýabrda «Binýat», türkmen sahna oýny, 19:00-da. 
22-nji noýabrda «Ümsümligiň syry», owgan sahna oýny, 11:00-da, «Sanan», owgan sahna oýny, 18:30-da. 

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda 
19-njy noýabrda «Magtymguly», türkmen sahna oýny, 17:00-da. 
20-nji noýabrda «Gorkut atanyň bir demi», türk sahna oýny, 15:00-da. 
21-nji noýabrda «Häzir söýginiň wagty däl», eston sahna oýny, 11:00-da, «Kerwen gürrüňleri», amerikan sahna oýny, 19:00-da. 

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda 
22-nji noýabrda «Leýli we Mejnun», türkmen sahna oýny, 18:30-da. 
    
Türkmen döwlet gurjak teatrynda 
20-nji noýabrda «Baky rowaýatlar», türkmen gurjak oýny, 10:00-da, «Balykçy we balyjak barada erteki», rus gurjak oýny, 11:30-da. 
21-nji noýabrda «Gazlar we guwlar», ukrain gurjak oýny, 11:00-da, «Skripkaly serçe üçin sýuita», rus gurjak oýny, 18:00-da. 
22-nji noýabrda «Kim günäkär?», täjik gurjak oýny, 10:00-da, «Geçi we goýun», rus gurjak oýny, 16:30-da.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň