
Türkmen döwlet neşirýat gullugy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde 2019-njy ýylyň 5-6-njy noýabry aralygynda «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XII halkara kitap sergi-ýarmarkasyny we ylmy maslahaty geçirýär.
Guraýjy topar ýurdumyzyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.
Serginiň iş wagty:
5-nji noýabrda sagat 10.00-dan 18:00-a çenli;
6-njy noýabrda sagat 10.00-dan 18:00-a çenli.
Sergi Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 39-88-81, 39-88-82, 39-88-83, 39-88-84, 38-60-20, 21-17-53.
Başga-da bu temada

Konsertler
|02.12.2025
6057
Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri «Täze ýyl mawy yşygyna» çagyrýar

Konsertler
|22.11.2025
2534
Türkmenistan kinokonsert merekeziniň afişasy

Konsertler
|01.11.2025
9451
«Mekdebe öwrülen ömür» atly Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almamedowyň we onuň şägirtleriniň sergisi

Çagalara
|31.05.2025
26439