Soňky habarlar

Arhiw

28-nji oktýabrda Aşgabatda türkiýeli sungat ussatlarynyň konserti geçiriler

0
16225
Salgysy:
г. Ашгабат, ул. Героглы, 65
Soňky täzelenme:

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet ministrlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikde gurnamagynda şu ýylyň 28-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda türk sungat ussatlarynyň konserti geçiriler. Olar bu konsertde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikde çykyş ederler.

Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 96 ýyllygy mynasybetli geçiriljek konsertde sopranoda Filiz Güneş, tenorda Oguz Çimen, pianinoda Tugçe Doruk çykyş eder. «Nata Holding» kompaniýasy we «Turkish Airlines» tarapyndan hemaýatkärlik edilýän konsertde giriş mugtdur. Konsertiň 28-nji oktýabr güni sagat 19:00-da başlanar

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler