Soňky habarlar
Arhiw
«AFK-nyň Kubogy – 2019» 4-nji tapgyr «D» toparça «Altyn Asyr» – «Hujand»
AFK-nyň Kubogynyň Merkezi zolagynyň «D» toparçasynyň çäginde 15-nji maýda paýtagtymyzda duşuşýan «Altyn Asyr» bilen Täjigistanyň «Hujand» toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň öňüsyrasy toparlaryň baş tälimçileriniň gatnaşmagynda metbugat ýygnagy geçiriler.
Metbugat ýygnagy 14-nji maýda paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynyň konferensler zalynda geçiriler. Metbugat ýygnagy 11:00-da başlanar.
Metbugat ýygnagynyň öňsüsyrasy akreditirlenen žurnalistleriň atlary we suratlary berkidilen akreditasiýa kartlary gowşurylar.
Ýeri gelende aýtsak, AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň dördünji tapgyrynyň çäginde «Altyn Asyr» «Hujand» toparyny kabul eder. 15-nji maýda geçiriljek bu duşuşyk paýtagtymyzyň «Köpetdag» stadionynda geçiriler. Bu duşuşyk 18:30-da başlanar. Bu toparlaryň arasynda Hujand şäherinde geçirilen üçünji tapgyryň çägindäki duşuşygyň 0:0 hasabynda tamamlanandygyny ýatladýarys.
Geçirilen üç tapgyrdan soň 7 utuk toplan Duşenbeniň «Istikloly» Merkezi Aziýanyň «D» toparçasynda öňdäki orny eýeleýär. 4 utugy bolan täjikleriň «Hujandy» ikinji, üç oýunda 3 utuk toplan «Altyn Asyr» üçünji orunlary eýeleýärler. Geçirilen üç tapgyrda bir utuk toplan gyrgyzlaryň «Dordoýy» dördünji orunda ornaşdy.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň