
«Türkmen atlary» döwlet birleşigi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2019-njy ýylyň 25 — 26-njy apreli aralygynda «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XI halkara ylmy maslahaty we halkara sergi-ýarmarkany geçirýär.
Guraýjy topar Türkmenistanyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.
Serginiň iş wagtlary:
25-nji aprelde sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
26-njy aprelde sagat 10:00-dan 16:00-a çenli.
Sergi Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 21-11-73, 21-11-16, 21-02-97, 39-88-70, 39-88-81/82/83/84/85/86.
Başga-da bu temada

Konsertler
|22.11.2025
2196
Türkmenistan kinokonsert merekeziniň afişasy

Konsertler
|01.11.2025
9256
«Mekdebe öwrülen ömür» atly Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almamedowyň we onuň şägirtleriniň sergisi

Çagalara
|31.05.2025
26253
Çagalary goramaklygyn güni mynasybetli @nur_art_school ähliñizi art baýramçylygyna çagyrýar!

Konsertler
|23.05.2025
22146
