
22.11.2025
1666

01.11.2025
8738

31.05.2025
25804

23.05.2025
22025
18-nji aprel, penşenbe
17:00 — 19:00 Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy. Saud Arabystany Patyşalygynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti.
19-njy aprel, anna
11:00 — 12:00 Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Saud Arabystany Patyşalygynyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, milli arap lybaslarynyň, fotosuratlaryň sergisiniň açylyş dabarasy.
16:00 — 17:00 Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň suratkeşleriniň döredijilik duşuşygy hem-de nakgaşçylyk hünäri boýunça bilim alýan talyplar üçin ussatlyk sapaklary.
18:00 — 20:00 «Watan» kinokonsert merkezinde Saud Arabystany Patyşalygynyň folklor toparynyň çykyşlary.
20-nji aprel, şenbe
15:00 — 17:00 Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda Saud Arabystany Patyşalygynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti.
21-nji aprel, ýekşenbe
18:00 — 20:00 Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy. Türkmenistanyň hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti.