Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

13—14-nji aprelde «Söwda we hyzmat — 2019» atly sergi-ýarmarka we halkara maslahat geçiriler

0
30927
Salgysy:
г. Ашхабад, Чандыбил шаёлы, 143.
Telefon belgiňiz:
39-88-85/84/83/82/81/38
Soňky täzelenme:

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasy hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde 2019-njy ýylyň 13—14-nji aprelinde «Söwda we hyzmat — 2019» atly sergi-ýarmarkasyny we halkara maslahatyny geçirýär.
Guraýjy topar Türkmenistanyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.
Serginiň iş wagtlary:
13-nji aprel sagat 10.00-dan 18.00-a çenli;
14-nji aprel sagat 10.00-dan 15.00-a çenli.
Sergi Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 39-88-71, 39-88-86, 85, 83, 84, 82, 70.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler