Soňky habarlar

Arhiw

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik

0
36350
Salgysy:
Aşgabat ş., Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy
Telefon belgiňiz:
39-46-32; 39-46-38
Soňky täzelenme:

1. LOT ¹ 58.
Aşgabat şäheriniň Köşi ýaşaýyş jaý toplumynyň günbataryndaky 68 sany ýaşaýyş jaý toplumynda 2-nji bel-gili 720 orunlyk mekdebi gurmak üçin gerek bolan harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
2. LOT ¹ 60.

Aşgabat şäheriniň orta mekdeplerine gerek bolan okuwçy partalaryny (1 stol, 2 stul) satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Bilim ministrligi.
3. LOT ¹ 97.

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda öndürijiligi gije-gündizde 20 000 m3 agyz suw arassalaýjy desganyň gurluşygyna gerek bolan gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
4. LOT ¹ 102.

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki welaýat prokuraturasynyň edara jaýynyň durkuny täzelemek üçin gerek bolan gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
5. LOT ¹ 112.

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň «Ýaşlyk» daýhan birleşiginiň çäklerinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 15 000m3 bolan suw arassalaýjy desgany gurmak üçin gerek bolan gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.
6. LOT ¹ 161.

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda elektrik geçiriji howa ulgamlarynyň durkuny täzelemek we gur-luşyk işleri üçin gerek bolan harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
7. LOT ¹ 178.

Suwaryş hem-de şor-zeý akaba ulgamlaryny üýtgedip, gaýtadan gurmak bilen, Aşgabat şäheriniň oba ho-jalyk ähmiýetli ýerlerini abadanlaşdyrmak üçin gerek bolan gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi.
8. LOT ¹ 1449.

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginiň çägindäki täze, döwrebap şäherçede gurulýan ¹2 lagym sorujy desganyň gurluşyk-gurnama işleri üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
9. LOT ¹ 1485.

Gyzgyn deformirlenen sepsiz polat turbalary, asbest (hrizatil), paranoit, elektrotehniki we gözegçi-ölçeýiş enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
10. LOT ¹ 1488.

Barlag-ölçeg enjamlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
11. LOT ¹ 1490.

Çiller we Ruftor ýylylyk üpjünçiligi desgalarynyň abatlaýyş işlerini geçirmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek.
Satyn alyjy (Buýrujy): Aşgabat şäher häkimligi.
12. LOT ¹ 1542.

Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alyn-magy baradaky gullugyň Aşgabat şäher müdirliginiň edara binasynda düýpli abatlaýyş işleri üçin gerek bolan harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Adalat ministrligi.
Bäsleşik 2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde geçirilýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin gerek resminamalar, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar barada maglumaty şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan alyp bilersiňiz: Aşgabat ş., Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, tel.: 39-46-32; 39-46-38.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler