Soňky habarlar

Archive news

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlar boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

0
2347
Salgysy:
г. Ашхабад, Арчабил шаёлы, 20,
Telefon belgiňiz:
40-04-79

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlar boýunça görkezilen lukmançylyk harytlaryny olaryň öndürijilerinden we öndürijileriň resmi wekillerinden satyn almak boýunça

halkara bäsleşik yglan edýär

Lot 1/1 — Halkara okuw-ylmy merkezi üçin barlaghana reagentlerini hem-de lukmançylyk serişdelerini satyn almak;

Lot 2/2 — Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi üçin lukmançylyk serişdelerini satyn almak;

Lot 3/3 — Merkezi patologik anatomiýa edarasy üçin lukmançylyk sarp ediş serişdelerini satyn almak;

Lot 4/4 — Ýokanç keseller merkezleri müdiriýeti üçin barlaghana reaktiwlerini hem-de lukmançylyk serişdelerini satyn almak;

Lot 5/5 — Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezi hassahana üçin lukmançylyk sarp ediş serişdelerini satyn almak;

Lot 6/6 — Merkezi kazyýet lukmançylyk edarasy üçin lukmançylyk sarp ediş serişdelerini hem-de reaktiwleri satyn almak;

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almak zerur.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazuw görnüşindäki arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar şu bildirişiň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda şu aşakdaky salgy boýunça kabul edilýär: Türkmenistan,‚ Aşgabat şäheri,‚ Arçabil şaýoly 20, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.

Habarlaşmak üçin telefon: 40-04-79.


Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň