Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlar boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

0
31244
Salgysy:
г. Ашхабад, Арчабил шаёлы, 20
Telefon belgiňiz:
40-04-79
Soňky täzelenme:

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlar boýunça görkezilen lukmançylyk harytlaryny olaryň öndürijilerinden we öndürijileriň resmi wekillerinden satyn almak boýunça
halkara bäsleşik yglan edýär
Lot 1 — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigi üçin maýyplar arabalaryny satyn almak;
Lot 2 — Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi üçin derman serişdelerini satyn almak;
Lot 3 — Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi üçin barlaghana reaktiwlerini hem-de lukmançylyk sarp ediş serişdelerini satyn almak;
Lot 4 — Mary welaýat Çagalar hassahanasy üçin lukmançylyk sarp ediş serişdelerini satyn almak;
Lot 5 — Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 2-nji saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak;
Lot 6 — Mary welaýatynyň Baýramaly etrap hassahanasy üçin lukmançylyk enjamlaryny hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak;
Lot 7 — Mary welaýatynyň Baýramaly şäher saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak;
Lot 8 — Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi üçin lukmançylyk enjamlaryny hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak;
Lot 9 — Mary welaýatyndaky Iç keselleri hassahanasy üçin lukmançylyk enjamlaryny satyn almak;
Lot 10 — Mary welaýat inçekesel hassahanasy üçin lukmançylyk enjamlaryny hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak;
Lot 11 — Daşoguz welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi üçin lukmançylyk enjamlaryny hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak;
Lot 12 — Daşoguz welaýat Köpugurly hassahanasy üçin lukmançylyk enjamlaryny satyn almak;
Lot 13 — Balkan welaýatynyň Saglygy goraýyş edaralary üçin lukmançylyk enjamlaryny hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.
Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almak zerur.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazuw görnüşindäki arza tabşyrylanda berilýär.
Bäsleşik teklipli bukjalar şu bildirişiň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda şu aşakdaky salgy boýunça kabul edilýär: Türkmenistan,‚ Aşgabat şäheri,‚ Arçabil şaýoly 20,‚ Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.
Habarlaşmak üçin telefon: 40-04-79.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler