Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Aşgabat şäherindäki Modeller öýi Halkara bäsleşik yglan edýär

0
33207
Salgysy:
г.Ашхабад, Гарашсызлык шаёлы, 96
Telefon belgiňiz:
40-70-72, 40-71-77
Soňky täzelenme:

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Aşgabat şäherindäki Modeller öýüne tilsimat enjamlaryny satyn almak we ornaşdyrmak işlerini geçirmek boýunça Halkara bäsleşik yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen tertipde tilsimat enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan, ýerli we daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar.
Ähli höwes bildirip gatnaşmak isleýänlere teklip edilýär:
— bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça talapnama berilmeli;
— bäsleşik geçirmekligiň düzgünleri bilen tanyşmaly;
— örme önümlerini öndürmek üçin tilsimat enjamlaryny getirip gurnamak boýunça tehniki tabşyrygy almaly;
— getiriljek enjamlaryň hili we gelip çykyşy barada degişli resminamalary goşmak bilen täjirçilik teklibi düzüp tabşyrmaly;
— bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almak üçin ABŞ-nyň 345 (üç ýüz kyrk bäş) dollaryny, şol sanda 15% GBüS tölemeli.
Bäsleşik tekliplerini aşakda görkezilen salga ibermeli: Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 96.
Bäsleşik teklipleri hasaplaşyk hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň serediljekdir.
Bäsleşik teklipleri 2019-njy ýylyň 30-njy ýanwaryna çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 40-70-72, 40-71-77.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler