Turkmenportal logo
07.10.18
92079207
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmentel — 2018» atly XI halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler
«Türkmentel — 2018» atly XI halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler
Salgysy:г.Ашхабад, Чандыбиль шаёлы, 143
Telefon belgisi:39-88-70, 39-88-81(82)(83)(84)(85)(86).

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi  2018-nji ýylyň 10 — 12-nji oktýabry aralygynda  Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2018» atly XI halkara sergini we ylmy maslahaty geçirýär
Guraýjy topar Türkmenistanyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, şeýle hem daşary ýurt  kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar. 
Serginiň iş wagty:
10-njy oktýabrda sagat 10:00-dan — 18:00-a çenli;
11-nji oktýabrda sagat 10:00-dan — 18:00-a çenli;
12-nji oktýabrda sagat 10:00-dan — 15:00-a çenli.
Sergi Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 39-88-70, 39-88-81(82)(83)(84)(85)(86).

Başga-da bu temada