Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän gön zawodynda öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, tilsimat enjamlaryny satyn almak we gurnamak boýunça öň yglan edilen halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar

0
35781
Salgysy:
Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 96
Telefon belgiňiz:
40-70-72, 40-71-77
Soňky täzelenme:

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän gön zawodynda öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, tilsimat enjamlaryny satyn almak we 
gurnamak boýunça öň yglan edilen halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar
Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen tertipde gön önümçiligi üçin tilsimat enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan ýerli we daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar.
Ähli höwes bildirip gatnaşmak isleýänlere teklip edilýär:
— bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça talapnama berilmeli;
— bäsleşigiň düzgünleri bilen tanyşmaly;
— tehniki tabşyrygy almaly;
— getiriljek enjamlaryň hili we gelip çykyşy barada degişli resminamalary goşmak bilen, täjirçilik teklibi düzüp tabşyrmaly;
— bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almak üçin, ABŞ-nyň 345 (üç ýüz kyrk bäş) dollaryny, şol sanda 15 göterim GBüS tölemeli.
Bäsleşik tekliplerini aşakda görkezilen salga ibermeli: Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 96.
Bäsleşik tekliplerine hasaplaşyk hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň serediljekdir.
Bäsleşik teklipleri 2018-nji ýylyň 14-nji sentýabryna  çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 40-70-72, 40-71-77.
E-mail: TmTextile@mail.ru

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler