Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TÜRKMEN DÖWLET MEDENIÝET INSTITUT

0
14842
Soňky täzelenme:

2018/2019-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:
1. Sahna sungaty we edebiýat döredijiligi (hünärler: aktýorçylyk sungaty; grim; yşyk bilen bezemek; drama režissurasy; teatr öwreniş we dramaturgiýa; medeni-köpçülik çärelerini guramak we goýmak; folklor toparyny guramak we dolandyrmak; milli tans toparyny guramak we dolandyrmak; höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak).
2. Kino sungaty (hünärler: ses režissurasy; kino režissurasy; teleradiogepleşikleri guramak we alyp barmak).
3. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (hünärler: kitaphana işini guramak; ylmyň we tehnikanyň maglumat üpjünçiligi).
4. Taryh we arheologiýa (hünärler: arheologiýa; iş dolandyryş we arhiw işi).
5. Medeniýeti öwreniş we durmuş-medeni taslamalar (hünärler: medeniýeti öwreniş; muzeologiýa, medeni we tebigy miras ýadygärliklerini goramak; sirk sungaty).
 6. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (hünär: taryhy-etnografiki gymmatlyklary rejelemek).
Tölegli esasda hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary we hünärleri:
1. Sahna sungaty we edebiýat döredijiligi (hünärler: yşyk bilen bezemek; medeni-köpçülik çärelerini guramak we goýmak; höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak).
2. Kino sungaty (hünärler: ses režissurasy; teleradiogepleşikleri guramak we alyp barmak).
3. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (hünärler: kitaphana işini guramak; ylmyň we tehnikanyň maglumat üpjünçiligi).
4. Taryh we arheologiýa (hünär: iş dolandyryş we arhiw işi).
5. Medeniýeti öwreniş we durmuş-medeni taslamalar (hünärler: medeniýeti öwreniş; muzeologiýa, medeni we tebigy miras ýadygärliklerini goramak).
Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2018-nji ýylyň 8—22-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy), Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilim hakyndaky wagtlaýyn şahadatnamanyň nusgasy;
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 möçberde alty sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:
— şahsy pasportyny;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2018-nji ýylyň 25-nji iýulyndan 4-nji awgusty aralygynda institutda (Aşgabat ş.) geçirilýär.
Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

  • aktýorçylyk sungaty, sirk sungaty, drama rezissurasy, grim, teatr öwreniş we dramaturgiýa hünärleri — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak (sahnada hereket üsti bilen işlemek we öz pikiriňi ýazuw üsti bilen beýan etmek), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
  • teleradiogepleşikleri guramak we alyp barmak, kino režissurasy hünärleri — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak (ýatdan, görkezmek arkaly), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
  • medeni-köpçülik çärelerini guramak we goýmak, folklor toparyny guramak we dolandyrmak, milli tans toparyny guramak we dolandyrmak, höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak hünärleri — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
  • ses režissurasy hünäri — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak (akustika, saz ugrundan ukyby), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
  • yşyk bilen bezemek hünäri — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak (fizikanyň we optikanyň kanuny, teatr we kino boýunça umumy düşünje), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
  • medeniýeti öwreniş, taryhy-etnografiki gymmatlyklary rejelemek, arheologiýa, kitaphana işini guramak, muzeologiýa, medeni we tebigy miras ýadygärliklerini goramak, iş dolandyryş we arhiw işi, ylmyň we tehnikanyň maglumat üpjünçiligi hünärleri — jemgyýeti öwreniş; türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
— harby gullugy tamamlap gelenler.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň salgysy: Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi, 114; tel.: 48-28-60.

 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler