
2017-nji ýylyň 17-nji dekabryndan 14-nji ýanwaryna çenli Moskwanyň Sirki «Laureatlara Salam!» atly sirk tomaşasyny hödürleýär.
Halkara festiwallarynyň baýraklarynyň eýeleri, başarjaň artistleriň dürli žanyrlardaky ýiti, göz gamaşdyryjy çykyşlary, şeýle-de geçigaplaň, itler, krokodiller, ýylanlar we beýlekiler ýaly tälim berlen haýwanlaryň, jandarlaryň haýran galdyryjy çykyşlary size garaşýar!
Petekler her gün sirkiň kassalarynda 10:00-dan 19:00-a çenli satylar. Petekleriň bahasy 20 manatdan 50 manada çenli.
Başlaýan wagty: iş günleri 19:00 (tertipde üýtgeşmeler bolup biler). Dynç we baýramçylyk günleri 12:00, 15:00, 19:00.
4 ýaşa çenli çagalar üçin bir uly ýaşlynyň ýany bilen petegiň bolmagynda girmek mugt (ýer bermezlik bilen, ýany bilen dogluş şahadatnamany getirmeli).
Telefonlary: 36-10-34, 36-10-95.
Toparlaýyn sargytlar üçin: 865 60-25-24; 863 01-52-42; 864 05-44-82.
Başga-da bu temada

Konsertler
|02.12.2025
6044
Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri «Täze ýyl mawy yşygyna» çagyrýar

Konsertler
|22.11.2025
2532
Türkmenistan kinokonsert merekeziniň afişasy

Konsertler
|01.11.2025
9447
«Mekdebe öwrülen ömür» atly Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almamedowyň we onuň şägirtleriniň sergisi

Çagalara
|31.05.2025
26430