Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi awtobuslary milli manatda satyn almak üçin aşakdaky lotlar boýunça bäsleşigi gaýtadan yglan edýär

0
28678
Salgysy:
г. Ашхабад, Арчабил шаёлы, 126, отдел ВЭС.
Telefon belgiňiz:
39-03-37, 39-03-36, 39-03-35.
Soňky täzelenme:

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi awtobuslary milli manatda satyn almak üçin aşakdaky lotlar boýunça bäsleşigi gaýtadan yglan edýär

Lot N1 — ýolagçy gatnatmak üçin ýokary geçijiligi bolan orta synply awtobus, 50 sany

Lot N2 — oba ýerleri üçin niýetlenen orta synply awtobus, 250 sany

Ähli gatnaşmak isleýänlere teklip edilýär:

— bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk statusyny, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça talapnama berilmeli;

— lotlaryň spesifikasiýasyny, tehniki talaplaryň we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;

— bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almak üçin ABŞ-nyň 200 (iki ýüz) dollaryny ýa-da manat ekwiwalentinde (GBüS tölegsiz we bank harçlamasyz) yzyna gaýtarylmasyz tölenilýär.

Bäsleşik teklipleri şu bildiriş çap edilenden soň 30 iş gününiň dowamynda, iň soňky gün sagat 12.00-a çenli kabul edilýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik teklipli bukja aşakda görkezilen salga ugradylmaly. Oňa hasaplaşyk hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň serediljekdir.

Doly maglumaty şu salgy boýunça almak mümkindir: Aşgabat ş., Arçabil şaýolunyň 126-njy jaýy. Daşary ykdysady aragatnaşyk bölümi.

Sowallar boýunça telefon belgileri: 39-03-34, 39-03-35.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler