Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmendokma» daşary söwda kärhanasy «Türkmenbaşy tekstil kompleksiniň» önümçiligine zerur bolan ýokary hilli himiki maddalary we boýaglary satyn almak boýunça halkara bäsleşigi yglan edýär

0
21991
Salgysy:
г. Ашхабад, ул.2097 (Душанбинский) пр.2,2.
Telefon belgiňiz:
23-04-99; 23-11-82.
Soňky täzelenme:

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmendokma» daşary söwda kärhanasy «Türkmenbaşy tekstil kompleksiniň» önümçiligine zerur bolan ýokary hilli himiki maddalary we boýaglary satyn almak boýunça halkara bäsleşigi yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenilen tertipde himiki maddalary we boýaglary getirmekde tejribesi bolan milli we daşary ýurt kompanýalary çagyrylýar.

Getirilen himiki maddalar we boýaglar üçin hasaplaşyk ABŞ-nyň dollarynda göz öňünde tutulýar we töleg ýük getirilip, kabul edilenden soň geçirilýär.

Ähli höwes bildirýän gatnaşyjylara teklip edilýär:

— bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk statusyny, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça talapnama berilmeli;

— bäsleşigiň düzgünleri bilen tanyşmaly;

— teklip düzmek üçin tehniki tabşyrygy almaly;

— bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almak üçin ABŞ-nyň 345 (üç ýüz kyrk bäş) dollaryny, şol sanda 15% GBSS-dy tölemeli. Tölegi tölemek üçin hasap ýazmaça isleg bildirilenden soň berilýär.

Bäsleşik teklipleri 3(üç) sany ýapyk bukjada hödürlenmeli.

1. Bäsleşige gatnaşyjylaryň esaslandyryjy we hukuk resminamalary.

2. Getiriljek himiki maddalaryň we boýaglaryň tehniki häsiýetnamalary we spesifikasiýalary.

3. Baha teklibi.

Bäsleşik teklipleri şu salga berilmeli: Aşgabat ş., 2097 (Duşenbe) köçe, 2-nji geçelgäniň 2-nji jaýy.

Bäsleşik tekliplerine hasaplaşyk hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň serediljekdir.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilenden soň, 30 günüň dowamynda kabul edilýär.

Sowallar boýunça telefon belgileri: 23-04-99, 23-11-82.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler