Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmendokma» daşary söwda kärhanasy Baharly etrabynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky dokma fabriginiň dokma önümçiligine zerur bolan ýokary hilli asyl nusgadaky ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

0
22014
Salgysy:
г. Ашхабад, ул.2097 (Душанбинский) пр.2,2.
Telefon belgiňiz:
23-04-99; 23-11-82.
Soňky täzelenme:

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmendokma» daşary söwda kärhanasy Baharly etrabynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky dokma fabriginiň dokma önümçiligine zerur bolan ýokary hilli asyl nusgadaky ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenilen tertipde dokma enjamlarynyň atiýäçlyk şaýlaryny getirmekde tejribesi bolan milli we daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar.

Getirilen ätiýaçlyk şaýlary üçin hasaplaşyk ABŞ-nyň dollarynda göz öňünde tutulýar we töleg ýük getirilip, kabul edilenden soň geçirilýär.

Ähli höwes bildirýän gatnaşyjylara şu aşakdakylar teklip edilýär:

— bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk statusyny, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça talapnama berilmeli;

— bäsleşigiň düzgünleri bilen tanyşmaly;

— teklip düzmek üçin tehniki tabşyrygy almaly;

— bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almak üçin ABŞ-nyň 345 (üç ýüz kyrk bäş) dollaryny, şol sanda 15 göterim GBSS-dy tölemeli. Tölegi tölemek üçin hasap ýazmaça isleg bildirilenden soň berilýär.

Bäsleşik teklipleri 3 (üç) sany ýapyk bukjada hödürlenmeli.

1. Bäsleşige gatnaşyjylaryň esaslandyryjy we hukuk resminamalary.

2. Getiriljek ätiýaçlyk şaýlarynyň tehniki häsiýetnamalary we spesifikasiýalary.

3. Baha teklibi.

Bäsleşik teklipleri şu salga berilmeli:

Aşgabat ş., 2097-nji (Duşenbe) köçe, 2-nji geçelgäniň 2-nji jaýy.

Bäsleşik tekliplerine hasaplaşyk hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň serediljekdir.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilenden soň, 30 günüň dowamynda kabul edilýär.

Sowallar boýunça telefon belgileri: 23-04-99, 23-11-82.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler