Beýik Britaniýada towuk awtoulagda gizlenip, 40 kilometr menzili geçdi. Ol eýesinden gaçyp, ulagyň ätiýaçlyk tekerinde gizlendi diýip, «Lenta.ru» habar berdi.
Adaty bolmadyk gaçgagy 58 ýaşly Deýw Jeýkobs görüpdir. Onuň deňze barýarka, ýoluň ortasynda oturan towuga gözi düşüpdir. Bu oňa şübheli görnüpdir we geçip barýan adamlaryň kömegi bilen towugy tutupdyr.
Jeýkobs öý guşy barada habary sosial torda çap edipdir. Tizara oňa goňşy obada ýaşaýan fermer seslenip, gaçgagyň öz towugydygyny aýdypdyr. Fermeriň aýtmagyna görä, guş onuň myhmançylyga gelen dostunyň ulagyna münüp gaçan bolmaly. Towugy eýesine gowşurypdyrlar.
