Meşhur hindi kinoaktýory we syýasatçy Wijaý Talapatiniň gatnaşmagynda Tamilnad ştatynyň Karur şäherindäki syýasy çärede 39 adam heläk boldy, 150 adam şikes aldy. Waka aktýory diňlemäge gelen köp adamlaryň döreden basgysy sebäp boldy. Heläk bolanlaryň 10-synyň çagadygy, 17-siniň aýaldygy aýdylýar. Bu barada «India Today» gazetine salgylanýan «rg.ru» habar berdi.
Basgy şenbe agşamy Wijaý halkyň öňünde çykyş etmäge gelende boldy. Ony görmek üçin baglaryň üstüne çykanlaryň onlarçasy ýere gaçypdyr, bu beýleki adamlaryň arasyna başagaýlyk döredipdir.
Käbirleriň yssydan, suwsuzlykdan heniz çäre başlanmanka, huşundan gidendigi aýdylýar. Super-ýyldyzy görmek üçin adamlar yssynyň aşagynda ýedi sagat garaşypdyrlar.
Çäräniň guramaçylary 10 müň töweregi adam geler diýip çaklapdyrlar, emma polisiýanyň habaryna görä, aktýory görmek üçin 27 müň adam gelipdir.
