Türkiýäniň günbatarynda güýji 5,3 bal bolan ýer sarsgyny hasaba alyndy. Bu barada Ýewropa-ortaýer seýsmologiýa merkezine (EMSC) salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Ýerasty sarsgynlaryň merkezi Uşak şäherinden demirgazyk-günbatarda 77 km-likde ýerleşdi. Ejir çekenler we ýykylan binalar ýok.
