1990-njy ýyllarda hiç hili subutnama tapylmansoň, alymlar tarapyndan ýitip ýok bolandyr hasaplanýan uly dişli «gitara-balyk» Günorta Afrikanyň suwlaryndan tapyldy. Golaýda Birha derýasynyň gözbaşynda onuň läşiniň üstünden bardylar diýip, «IFL Science» neşirine salgylanýan «moya-planeta.ru» neşiri habar berdi.
Uzynlygy 3 metre golaý bolan balygyň läşiniň üstünden ýerli ýaşaýjy Maýk Winsent barypdyr. Ol alym Kewin Koul bilen habarlaşypdyr, läşi gören alym gözüne ynanmandyr. Akula meňzeşdigine garamazdan, bu byçgy-balyk aslynda uly wagşy deňiz balygy bolan skatdyr. Onuň ýaýbaň ýasy, giň agzy dişlerden doly bolup, suw jandary olary aw üçin ulanýar.
Bu wakadan soňra golaýdaky kenarýakalarda hem şeýle tapyndylar barada habarlar gelip gowşupdyr. Bu ýagdaý alymlarda ady agzalan görnüşiň ýitip ýok bolman, eýsem, köpelýändigine hem umyt döredýär.
