Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Aşgabatda Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdanda ýaýbaňlandyrylan dabaralaryň çäklerinde milli lybasdaky iki çapyksuwar şaý-sepler bilen bezelen ajaýyp ahalteke bedewini meýdança çykardy.
2022-nji ýylda doglan Zaman atly akýal mele reňkli bu ajaýyp bedew Gurthatar we Yşgyn diýen atlaryň neslindendir. Ady rowaýata öwrülen Gelşikliniň ugruna degişli bolan bu bedew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli, türkmen halkynyň bagtyýarlygy, ýurduň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde Hökümet agzalarynyň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowa sowgat berildi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, ajaýyp ahalteke bedewi meýdançada buýsanç bilen gezim edip, dabara gatnaşyjylarda we myhmanlarda ýakymly duýgulary döretdi.
