«Turkish Airlines» türk awiakompaniýasy öz uçar parkyny giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak üçin «Boeing Co.» uçarlarynyň 225-sini satyn almakçy.
«Boeing» kompaniýasynyň resmi habaryna görä, sargydyň umumy möçberi 22 mlrd amerikan dollary bahalanýar.
Uçarlar 2029-2034-nji ýyllarda ady tutulan türk awiakompaniýasyna berler.
«Turkish Airlines»-iň awiaparkynda dürli kysymly «Boeing» ýolagçy hem-de ýük uçarlarynyň 200-den gowragy bar.
Bu barada «INTERFAX.RU» habar berdi.
