Türkmen wekiliýeti 24 — 26-njy sentýabr aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen «Ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligi we başarnyklaryny ösdürmek: okuwdan işe netijeli geçmek üçin hyzmatdaşlaryň dialogy» atly halkara maslahata gatnaşdy.
Wekiliýetiň düzüminden Türkmenistanyň Bilim, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň, şeýle hem Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri orun aldy.
Forumyň işi ýaşlaryň iş bilen üpjünçiliginiň, zähmet bazarynda işjeň çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň hem-de ýaş hünärmenleri goldamak boýunça innowasion çözgütleri ornaşdyrmagyň meselelerine bagyşlandy diýlip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
Forumyň dowamynda edilen çykyşlarda Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary hünär-tehniki bilimi ösdürmegiň, halypa-şägirtlik maksatnamalaryny giňeltmegiň, bilim meýilnamalarynyň zähmet bazarynyň hakyky islegleri bilen utgaşdyrylmagynyň, okuw bilen işiň utgaşdyrylýan (dual) ulgamynyň giňeldilmeginiň, önümçilikde geçirilýän okuw modullarynyň paýynyň artdyrylmagynyň, mugallymlaryň «ýaşyl» we sanly ugurlar boýunça taýýarlygynyň güýçlendirilmeginiň hem-de ýaşlaryň häzirki zaman zähmet bazaryna işjeň gatnaşmagynyň zerurdygyny nygtadylar. Şeýle hem çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiň zerurlyklaryna laýyklykda ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem-de ýaşlaryň öz ukyplaryny açyp görkezmegi üçin şertleri döretmäge aýratyn üns berýändigi bellenildi.
