Russiýaly kinorežissýor we gepleşikleri alypbaryjy Tigran Keosaýan 59 ýaşynda aradan çykdy, bu barada onuň aýaly Margarita Simonýan telegram-ýaýlymynda habar berdi diýip, «INTERFAX.RU» ýazýar.
Habarda žurnalistiň 2024-nji ýylyň dekabrynda hassahana ýerleşdirilendigi, onuň kliniki ölümi başdan geçirip, komada ýatandygy aýdylýar.
Keosaýan 1966-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda Moskwada, kinoçylaryň maşgalasynda dünýä indi. Bütinsoýuz döwlet kinematografiýa institutynda režissýorlyk ugry boýunça bilim aldy. Kinoda kiçeňräk keşpleri janlandyrdy, birnäçe çeper filmlere režissýorlyk etdi. Olaryň arasynda «Görgüli Saşa», «Kümüşsow landyş», «Prezident we onuň gyz agtyklary» ýaly filmler bar.
