Şri-Lankada asma ýolda wagon ýykylyp, ýedi sany buddaçy monah gurban boldy, birnäçesi şikes aldy. Bu barada «Daily Mirror» neşirine salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi. Ýerli häkimiýetler betbagtçylykly waka wagony göterýän demir urganyň üzülmegi sebäp boldy diýip, çaklaýarlar. Asma ýol monahlary dagyň depesine alyp barýardy.
«Betbagtçylykly waka agşam sagat 21.00 töwerekleri, monahlaryň 13-si keramatly ýerde dini däpleri berjaý edip dolanyp gelýärkäler boldy» diýip, neşir ýazýar.
Dindarlaryň ikisi wagondan bökmäge ýetişipdir we ýeňil şikes alypdyrlar. Dört dindar bolsa agyr ýaralanypdyr. Polisiýanyň habaryna görä, gurban bolanlaryň üçüsi Russiýadan, Rumyniýadan we Hindistandan ekeni.
