25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasynda şu ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi.
Oňa ilçihananyň işgärleri, Täjigistanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenler, şeýle hem Täjigistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň Duşenbedäki diplomatik wekilhanasy habar berýär.
Brifingiň dowamynda çykyş edenler, Halk Maslahatynda döwlet we jemgyýetçilik ösüşiniň möhüm meseleleriniň, ilatymyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ykdysady ösüşi pugtalandyrmak, Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyny ýokary derejede belläp geçmek bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny bellediler.
Şeýle hem çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisine eden çykyşynda beýan edilen ýurduň ileri tutýan garaýyşlary, hoşniýetli bitaraplyk ýörelgesi barada hem pikir alyşmalar boldy.
