ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň öňki gubernatory, kino ýyldyzy Arnold Şwarsenegger ýurduň Prezidenti Donald Trampyň howanyň üýtgemegi barada aýdanlaryna geň galmandygyny gürrüň berdi we hut şu garaýyşlary sebäpli onuň 2016-njy ýyldaky saýlawdan öňki tutumyny goldamandygyny sözüniň üstüne goşdy.
Öň Tramp BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden howanyň üýtgemegi barada aýdylýanlary ähli döwürleriň iň beýik ýalany diýip häsiýetlendiripdi.
«Men onuň bu sözlerine geň galmadym... Ol muňa hiç wagtam ynanmaýardy» diýip, Şwarsenegger «CNN» teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy.
Öňki gubernator özüniň Tramp bilen 2016-njy ýylda Prezident saýlawlaryna gatnaşmagyndan öň dost bolandygyny gürrüň berdi. Tramp ondan özüniň saýlaw tutumyny goldamagy teklip edende, aktýor syýasatçynyň howa kynçylyklaryna garaýşy barada pikirleri bilen ylalaşmaýandygy üçin ýüz öwrüpdir.
Bu barada «RIA Nowosti» ýazýar.
