Türkmenistanda oktýabr aýynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde Türki dilli ýurtlaryň kardiologlarynyň XI kongresini, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň fiziologlarynyň halkara kongresini, şeýle hem Ýewraziýa döwletleriniň onkolog lukmanlarynyň halkara maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewanyň foruma görülýän taýýarlyk işleri baradaky hasabatynda aýdyldy.
Bu halkara çärelere derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, lukmançylyk we bilim tehnologiýalaryny öndürýän öňdebaryjy kompaniýalaryň, şeýle hem Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň lukmanlarynyň, alymlarynyň, sport hünärmenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Hökümet mejlisinde wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny ösdürmek, bilim işini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Döwlet Baştutany wise-premýere «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
