23-nji sentýabrda Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow we ilçihananyň 1-nji sekretary B.Ýazow Yslamabat şäherinde ýerleşýän Pakistanyň Bahria uniwersitetine bardylar.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, türkmen wekiliýeti uniwersitetiň Baş direktory Naim Sarwar hem-de ynsanperwer we jemgyýetçilik ylymlary fakultetiniň dekany, professor Adam Saud bilen duşuşyk geçirip, onda ylym, bilim, akademiki alyş-çalyş we bilelikdäki ylmy-barlag taslamalary boýunça hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Soňra ilçihananyň wekilleri «Parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň orny» atly temada umumy sapak geçdiler. Ilçihananyň 1-nji sekretary öz çykyşynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty we onuň parahatçylygy we özara ynamy berkitmekdäki orny barada gürrüň berdi.
Şeýle-de, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürlen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasynyň, TOPH we TOP ýaly energetika taslamalarynyň, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp 12-nji dekabrda geçiriljek Halkara forumyň ähmiýeti barada nygtady.
Umumy sapakdan soňra talyplar mowzuga uly gyzyklanma bildirip, iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi, sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerinden peýdalanmak hem-de TOPH we TOP energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljegi bilen baglanyşykly soraglary berdiler.
