Türkmenistanyň futbol boýunça Naýbaşy Kubogy ugrunda «Arkadag» bilen «Ahal» toparlary duşuşar. Oýun 25-nji sentýabrda Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçiriler, ol ýerli wagt bilen 16:00-da başlanýar.
«Arkadag» topary 2024-nji ýylyň ýokary liganyň çempiony we Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi hökmünde Naýbaşy Kuboga gatnaşmaga hukuk gazandy. «Ahal» bolsa Kubok ugrundaky ýaryşyň jemleýji tapgyryna çykan topar hökmünde gatnaşar.
Bu iki topar üçin yzly-yzyna ikinji gezek Naýbaşy Kubok ugrundaky duşuşyk bolar. Geçen ýylky oýunda «Arkadag» 3:1 hasaby bilen ýeňiş gazanypdy.
Türkmenistanyň futbol boýunça Naýbaşy Kubogy ugrundaky ýaryş 2005-nji ýyldan bäri geçirilýär. Bu ýaryşda iň köp üstünlik gazanan topar — «Altyn Asyr», ol sekiz gezek ýeňiji boldy.
Duşuşygyň baş eminligine Ahmet Begnazarow bellendi. Kömekçi eminler hökmünde Aýmyrat Weliýew we Hemra Amanmämmedow çykyş ederler. Ätiýaçlyk emini — Hanmyrat Gurbanow, oýnuň gözegçi emini — Kakabaý Seýidow.
